Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetleriniň täze başlyklary belli boldy

22:1006.04.2023
0
46871

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirilip, onuň dowamynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetleriniň başlygy wezipelerine degişli deputatlar teklip edildi hem-de olary saýlamak meselesi sese goýuldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen:

  • Ýusupguly Aşyrgulyýewiç Eşşäýew Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlyklygyna;
  • Batyr Orazdurdyýewiç Baýlyýew Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlyklygyna;
  • Guwançmyrat Bagabekowiç Agaýew Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlyklygyna;
  • Annamuhammet Ataýewiç Sarjaýew Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlyklygyna;
  • Bahar Hojamyradowna Seýidowa Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym-bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlyklygyna;
  • Çarygeldi Gurbangeldiýewiç Babanyýazow Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlyklygyna;
  • Begmyrat Rahmangulyýewiç Muhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlyklygyna;
  • Maksatberdi Yslamberdiýewiç Gurbanow Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanyldy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň