Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly media hünärmenleri treninge gatnaşmaga çagyrylýar

16:0006.04.2023
0
26562

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň türkmenistanly wekilleri 11 ― 12-nji maý günlerinde howanyň üýtgemegi bilen bagly geçiriljek «Media we howanyň üýtgemegi: nazaryýet we amalyýet» atly treninge gatnaşmaga çagyrylýar.

Trening Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi tarapyndan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly bäşinji maslahatyň çäklerinde geçiriler.

Çäräniň maksady Merkezi Aziýa döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň howanyň üýtgemegi bilen bagly suw, energiýa, iýmit we ekologiýa meselesinde täsirli metbugat materiallaryny professional derejede taýýarlamagyna ýardam bermekdir. Trening onlaýn, offlaýn we mentoring görnüşinde geçiriler.

Onlaýn trening ýörite platformalaryň kömegi bilen geçiriler. Offlaýn trening bolsa 15-nji maý güni Duşenbe şäherinde bolar.

Treninge gatnaşmak üçin ýüztutmalar 13-nji aprele çenli kabul edilýär.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri ähli dalaşgärleriň arasyndan 20 wekiliň saýlanyp alynjakdygyny habar berdi. Olar şol bir wagtda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly bäşinji maslahata hem gatnaşarlar.

Çäräniň guramaçylary bilen caccc.media2023@gmail.com elektron salgysy arkaly habarlaşyp bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň