Soňky habarlar

Arhiw

Aziýanyň kubogy – 2023-iň bije çekişliginiň geçiriljek wagty belli boldy

10:3906.04.2023
0
20768

Futbol boýunça Aziýanyň kubogy ― 2023-iň bije çekilişigi 11-nji maý güni Kataryň Doha şäherinde geçiriler. Ol Aşgabat wagty bilen öýlän sagat 16:00-da başlanar.

Bije çekişlige 24 milli ýygyndy gatnaşýar. Olar dört-dörtden alty toparçany emele getirerler. 18-nji gezek geçiriljek yklym ýaryşynyň özi 2024-nji ýylyň 12-nji ýanwaryndan 10-njy fewralyna çenli aralykda Katardaky 8 stadionda bolar.

Yklym ýaryşyna üçünji saýlama tapgyryndan soň Iordaniýanyň, Indoneziýanyň, Palestinanyň, Özbegistanyň, Tailandyň, Hindistanyň, Gonkongyň, Bahreýniň, Malaýziýanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndylary goşuldy.

Olar ýaryşa gatnaşmaga ozaldan hukuk gazanan Eýranyň, Koreýa Respublikasynyň, BAE-niň, Liwanyň, Yragyň, Siriýanyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, Awstraliýanyň, Omanyň, Wýetnamyň, Hytaýyň we Kataryň ýygyndylarynyň garşydaşlary bolarlar.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanyp bilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň