Türkmenistan Mejlisiniň täze düzümi 6-njy aprelde işe girişer

11:4101.04.2023
0
15700

6-njy aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyryşynyň birinji mejlisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 26-njy martda geçirilen Türkmenistan Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň jemlerine seredilen maslahatda aýtdy diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Serdar Berdimuhamedow milli parlamentiň täze saýlanan deputatlarynyň tizden öz wezipelerine girişmekleri üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynyň 6-njy aprelde paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçiriljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň 6-njy çagyrylyşynyň deputatlarynyň kanun çykaryjylyk işine ýokary baha berip, Döwlet Baştutany olara minnetdarlyk sözlerini beýan etdi hem-de milli parlamentiň ýurtda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirjekdigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ses berişlige gatnaşan ähli raýatlara minnetdarlyk bildirdi.

Geçirilen saýlawlaryň netijeleriniň uly ähmiýetini belläp, Döwlet Baştutany raýat jemgyýetiniň kanunçylyk binýadynyň döredilmeginiň saýlawlary giň bäsdeşlik esasynda geçirmäge mümkinçilik berendigini aýtdy.

Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow saýlawlar bilen bagly geçirilen işleri düýpli seljerip, has-da kämilleşdirmek üçin ýakyn wagtda teklipleri bermek barada görkezmeleri berdi. Şol teklipler öwreniler, kanunçylyga degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky meselä serediler diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň