Kononenko 15-nji sentýabrda kosmosa çykar, Türkmen-Eýran serhedindäki «Bajgiran» goýberiş nokadynda awtoulaglaryň hereketi gaýtadan dikeldildi, Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi we beýleki habarlar

10:2225.03.2023
0
38520

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygynyň orunbasary, «Roskosmos» korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko «Roskosmos-yň» kosmonawty Nikolaý Çub we NASA-nyň astronawty Lorel O’Hara bilen bilelikde 15-nji sentýabrda Halkara kosmos stansiýasyna uçar. Kosmonawtlaryň uçuşyny HKS-70 ekspedisiýasynyň çäklerinde «Soýuz МS-24» howa gämisinde amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

2. Eýranyň we Türkmenistanyň serhedindäki «Bajgiran» halkara awtoulag goýberiş nokadynyň üsti bilen ýük awtoulaglarynyň hereketi gaýtadan dikeldildi. Ýük awtoulaglarynyň hereketi COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly çäklendirmeler sebäpli üç ýyl togtadylypdy. «Bajgiran» barlag-goýberiş nokadynda ulaglaryň hereketi gaýtadan dikeldilenden soň, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky ähli goýberiş nokatlary işjeňleşdi we awtoulag, demir ýol we deňiz ulaglary arkaly harytlary we ýolagçylary daşamak üçin elýeterli boldy.

3. Türkmenistanyň daýhanlary üçin gowaça ekişi başlandy. Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary «ak altynyň» ekişine girişdiler. Daşoguz welaýatynda ekiş möwsümi 29-njy martda başlanar. Ýurduň welaýatlarynda ekiş möwsümine agrotehnikanyň talaplara laýyklykda guramaçylykly girişmek, şol sanda gowaça tohumlaryny we oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak boýunça zerur çäreler geçirildi.

4. Türkmenistan 2024-nji ýylda Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamak boýunça işleri geçirer. Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine ýokarda agzalan oýunlara ylmy esasda taýýarlanmagy üpjün etmek, şeýle hem ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.

5. Aprel aýynda Türkmen milli konserwatoriýasynda rus kompozitory, pianinoçy we dirižýor Sergeý Rahmaninowyň 150 ýyllygyna bagyşlanan 2 konsert geçiriler. Ilkinji konsert 1-nji aprelde sagat 18:00-da konserwatoriýanyň Uly zalynda guralar. Ikinji aýdym-saz agşamy 19-njy aprelde sagat 18:00-da konserwatoriýanyň Kiçi zalynda geçiriler. Konsertlere giriş mugt!

6. Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 26-njy martda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda synçylar toparyna ýolbaşçylyk edýän GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Dünýäde

7. «Terran 1» kysymly 3D-çap enjamynda çap edilen ilkinji raketa-göteriji işe girizilen pursatynda şowsuzlyga uçrady. Ol hereketlendirijsiniň näsazlygy sebäpli orbita çykyp bilmedi. Dünýäde ilkinji 3D-çap enjamynda çap edilen raketanyň uçurylyşy Florida ştatynyň Kanaweral burnundaky ABŞ-nyň Kosmos güýçleriniň binýadyndaky uçuş meýdançasynda amala aşyryldy. Geljekde raketa Ýere golaý pes orbitalara agramy 1 tonnadan gowrak ýükleri uçuryp biler. Bir uçuryşyň bahasy, takmynan, 12 million dollar diýlip çaklanylýar.

8. Angliýanyň öňki premýer-ministri Boris Jonson koronawirus pandemiýasynyň güýçlenen döwründe Dawning-stritdäki oturlyşyklar barada parlamenti ýalňyşdyrandygy üçin ötünç sorady. Jonson parlament toparynyň öňünde ýeňillikler barada görkezme berdi. Iş başlamazdan ozal hökümetiň öňki başlygy düzgünleri bozmakda hatda Injilden hem kasam etdi. Parlamenti aldamagyň bilkastlaýyn edilendigi ýüze çykarylsa, Jonson deputatlyk mandatyndan mahrum edilip bilner.

Sport habarlary

9. Mýunheniň «Bawariýasy» baş tälimçi Ýulian Nagelsmannyň işden boşadylýandygyny habar berdi. Täze baş tälimçi hökmünde 49 ýaşly Tomas Tuhel bellenildi, onuň bilen 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşyldy. Nagelsmann 2021-nji ýylyň tomsundan bäri «Bawariýa» tälimçilik edýärdi. Onuň ýolbaşçylygynda topar Germaniýanyň çempiony boldy we iki gezek ýurduň Superkubogyny gazandy.

10. 2014-nji ýylda Germaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde futbol boýunça dünýäniň çempiony bolan Mesut Özil professional karýerasyny tamamlaýandygyny habar berdi. 34 ýaşly Özil karýerasynyň dowamynda «Şalke», «Werder», Madridiň «Realy», Londonyň «Arsenaly», «Fenerbahçe» we «Istanbul Başakşehir» ýaly toparlarda çykyş etdi. Özil derejesinde Germaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde halkara derejeli 92 duşuşyga çykdy, 23 pökgi geçirdi we 40 gol pasyny berdi.

11. Italiýanyň «Spesiýa» toparynyň hüjümçisi Eldor Şomurodow Boliwiýanyň toparyna garşy geçirilen dostluk duşuşygynda Özbegistanyň milli futbol ýygyndysyna ýeňiş getiren pökgini geçirdi. Duşuşyk Saud Arabystanynda geçirildi we Özbegistanyň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy. Şomurodow 36-njy minutda tapawutlanmagy başardy. 27 ýaşly özbek futbolçy 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda «Romadan» «Spesiýa» kärendesine geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň