Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi

16:5824.03.2023
0
39697

Şu gün Türkmenistanyň dört welaýatynda — Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine badalga berildi. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa 29-njy martda ekişe başlarlar.

Bellenilişi ýaly, sebitlerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gowaça ekişine guramaçylykly başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Gowaça ekişi üçin zerur bolan möhletlerde tohumlar hem-de ekiş döwründe ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly taýýarlanyldy. Gowaça ekişini bellenilen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek maksady bilen, ekiş möwsüminde Türkmenistan boýunça jemi 1800 sany gowaça ekijilerini we bejergi traktorlaryny işletmek meýilleşdirilýär.

Ahal welaýatynda daýhanlar 135 müň gektarda gowaça ekip, şondan 280 müň tonna ýokary hilli hasyly almagy maksat edinýärler. Balkan welaýatynda şu möwsümde gowaça tohumy ekiljek 13 müň gektar meýdanda sürüm, tekizlemek, keşleri çekmek işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirildi. Üstümizdäki ekiş möwsüminde Lebap welaýatynda dürli agrotehniki çäreleri geçirmek üçin topragy ýumşadyjylaryň 80-den gowragyndan, dişli boronalaryň 7770-sinden, malalaryň 545-sinden peýdalanylar. Mary welaýatynda 2023-nji ýylda hasyl ussatlary 162 müň gektar meýdana gowaça ekmegi maksat edinýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň