«Bawariýa» baş tälimçisini täzeleýär

18:0624.03.2023
0
31800

Mýunheniň «Bawariýa» kluby garaşylmadyk ýagdaýda bäş tälimçi Ýulian Nagelsmanny işden boşatdy. Bu barada toparyň şu gün resmi ýagdaýda mälim etmegine garaşylýar diýip, «Bild» neşiri ýazýar. 35 ýaşly hünärmeniň işden boşadylmagyna sebäp hökmünde DÇ-2022-den soňra «Bawariýanyň» bundesligada özünden 9 utuk yzda gelýän Dortmundyň «Borussiýasyny» öňe geçirendigi görkezilýär. Mundan başga-da, klubyň ýolbaşçylar düzüminiň Nagelsmannyň bu möwsümde hiç bir ýaryşda kubok gazanyp bilmezlik ähtimallygyndan howatyrlanandygy hem bellenilýär.

«Bawariýanyň» täze baş tälimçisi şu möwsümiň başynda garaşylmadyk ýagdaýda «Çelsiden» işden boşadylan Tomas Tuhel bolar. Insaýder Fabrisio Romanonyň ýazmagyna görä, Tuhel Mýunhen kluby bilen 2,5 ýyllyk şertnama baglaşmaga razylyk beripdir. Eger-de, Tuhel «Bawariýanyň» baş tälimçiligine resmi taýdan bellenilse, onuň ilkinji oýny ozal halypalyk eden topary Dortmundyň «Borussiýasyna» garşy geçer.

Ýeri gelende bellesek, «Bawariýadan» işden boşadylan Nagelsmann bilen «Real» we «Çelsi» ýaly toparlar içgin gyzyklanyýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň