Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda geçiriljek saýlawlarda 75 müňden gowrak adam ilkinji gezek ses berer

10:5523.03.2023
0
20660

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna geçiriljek saýlawlarda 75 müňden gowrak adam ilkinji gezek ses berer.

«18 ýaşy dolan we ilkinji gezek ses berjek saýlawçylaryň sany 75 606 adama barabar boldy» diýlip, Merkezi saýlaw toparynyň habarynda bellenilýär.

Şu günler Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary üçin taýýarlyk işleri dowam etdirilýär. Saýlawlara Türkmenistanyň üç partiýasy —Türkmenistanyň Demokratik, Senagatçylar we telekeçiler, şeýle hem Agrar partiýalary gatnaşýar.

Umuman alanyňda, Türkmenistanda ses bermek üçin jemi 2644 sany saýlaw uçastogy döredildi, ýene 42-si Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyklarynda guraldy.

Daşary ýurtlarda 13 078 saýlawçynyň ses bermegine garaşylýar. 12-nji marta çenli ýurtda jemi 3 496 475 saýlawçy hasaba alyndy.

21-nji martda Türkmenistanda hasaba alnan saýlawçylaryň umumy sanynyň 1,82%-i möhletinden öň ses berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň