Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow «Buig» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Martin Buigi kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de amala aşyrylýan giň gerimli taslamalary, ozaly bilen, Aşgabadyň binagärlik keşbiniň özgerdilmegine gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň belent hormatdygyny aýtdy.
Duşuşykda «Buig» kompaniýasynyň Türkmenistanyň öňden gelýän hem-de ygtybarly hyzmatdaşydygyna aýratyn üns çekildi. Şunda bilelikde amala aşyrylan 70-e golaý taslamalaryň türkmen ykdysadyýetiniň ösüşinde, onuň gurluşyk we senagat kuwwatynyň pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedigi nygtaldy.
— Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda bu kompaniýa binagärlik taslamalarynyň hem-de şäher bezeginiň nusgalarynyň tutuş toplumyny işläp taýýarlamaga hem-de olary durmuşa geçirmäge ukyplylygyny görkezdi — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow kanagatlanma bilen aýtdy.
Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. «Buig» kompaniýasynyň Türkmenistanyň paýtagtyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan milli meýilnamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiliklerine garaldy. Bu kompaniýanyň geljegi uly türkmen bazarynda mundan beýläk-de öz ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow fransuz kompaniýasynyň Türkmenistanda durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berip, bilelikdäki işiň uly oňyn tejribesini nazara almak bilen, Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygyny beýan etdi.
Türkmen döwletiniň Baştutany dürli derejedäki gepleşikleri hem-de iri taslamalaryň tanyşdyrylyş çärelerini geçirmek üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulan, fransuz kompaniýasy tarapyndan gurulýan Işewürlik merkeziniň Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen utgaşykly sazlaşyp, onuň ýene bir ajaýyp künjegini döretjekdigini kanagatlanma bilen belledi.
Söhbetdeşligiň barşynda «Buig» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Prezident Serdar Berdimuhamedowa bu kompaniýa ynanylan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem ol durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlary hem-de Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler hasaba alnyp işlenip taýýarlanan täze teklipleri beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow öňdebaryjy binagärlik hem-de inžener-tehniki pikiriň we milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleriniň utgaşykly sazlaşdyrylmagynyň, bu işlere döredijilikli çemeleşilmeginiň, innowasiýa tehnologiýalarynyň işjeň herekete girizilmeginiň, şeýle hem ekologik howpsuzlyk kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň adamlaryň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegini ugur edinýän Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm ugurlary bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany türkmen tarapynyň fransuz kompaniýasynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda işewür bildirilen uly ynam üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, «Buig» kompaniýalar toparynyň geljekde-de öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna üýtgewsiz we hemmetaraplaýyn jogapkärçilikli çemeleşjekdigine, şeýle hem kompaniýa ynanylan taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.