Soňky habarlar

Arhiw

«Ak ýol» toý mekanynyň dolandyryjysy toý zalynyň tapawutly taraplary barada gürrüň berdi

09:4116.03.2023
0
35103

Baýramçylyk çäresini ýa-da toý dabarasyny şowhunly geçirmek toý mekanyna we gönüden-göni ýetirilýän hyzmatlara bagly bolýar.

Toý dabarasyny bellemek üçin toý zalyny saýlamakda nämelere aýratyn üns bermelidigi barada «Ak ýol» toý mekanynyň menejeri öz toý zallarynyň mysalynda aýdyp berdi.

Giň zal — toýa gelýän myhmanlary oňaýly ýerleşdirmek üçin uly mümkinçilikdir. Bu babatda «Ak ýol» toý mekanynyň zalyna müň adam ýerleşýär we tans etmek üçin ýeterlik derejede giň ýer galýar.

Toý zalynda surata düşmek, dürli bäsleşikleri geçirmek we çagalar üçin niýetlenen özboluşly ýerler hem bar. Bu bolsa öz gezeginde häzirki döwürde iň bir möhüm zatlaryň biridir.

Müşderilere özbaşdak çemeleşmek toý zalynyň esasy wezipeleriniň biridir. «Ak ýol» toý mekanynyň topary islege görä özbaşdak tagamnama taýýarlaýar, hyzmat edýän ýaşlar bolsa toýa gelen myhmanlara medeniýetli we ýerlikli hyzmatlary ýetirýärler.

Toý mekanynyň sowgat hyzmatlary:

«Ak ýol» toý mekany tölegsiz hyzmatlaryň birnäçesini ýetirýär. Olardan zalyň bezegini, döwrebap yşyklandyryş we aýdym enjamlaryny, fotosuratlary we wideolary görkezmek üçin niýetlenen üç sany ekrany, lazer şowuny hem-de bug çykaryjy enjamy bellemek bolar.

Şular bilen birlikde, «Ak ýol» toý mekany tarapyndan ýaş çatynjalara myhmanhanadan lýuks otag we gelinalyjy ulag hökmünde «Lincoln» kabriolet awtoulagy hödürlenýär. Şeýle-de, «Ak ýol» toý mekany toý dabaralaryny bellemek üçin 36 aýa çenli garaşaryna esasly toý zalynda toý etmek mümkinçiligini ýetirýär.

«Ak ýol» toý mekanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi, Bagtyýarlyk köçesiniň 15-nji jaýy.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň