Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli zenanlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryndaky duşuşyklaryny geçirdi. Duşuşyklar Bangladeşiň Dakka şäherinde geçirildi.
Saýlama tapgyryň «H» toparçasynyň çägindäki bu duşuşyklarda Kamil Mingazowyň şägirtleri Eýranyň ýygyndysyndan 1:7, ýer eýelerinden bolsa 0:4 hasabynda utuldylar.
Toparçadaky ahyrky duşuşyk 12-nji martda Eýran bilen Bangladeşiň ýygyndylarynyň arasynda bolar. «H» toparçanyň ýeňijisi ýaryşyň 3 ― 11-nji iýun aralygynda geçiriljek indiki tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.
Bu ýaryş Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli zenanlar ýygyndysy üçin ilkinji halkara tejribedir.