Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

MHG-niň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Döwlet migrasiýa gullugynda kabul edildi

10:0111.03.2023
0
18867
MHG-niň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Döwlet migrasiýa gullugynda kabul edildi
Surat: migration.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy jenap Zeýnal Gajiýew bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Halkara migrasiýa guramasy bilen alyp barýan gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşylyp, olaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alnyp maslahatlaşdylar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.

Zeýnal Gajiýew Türkmenistan bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Taraplar migrasiýany dolandyrmak babatda halkara kadalary içerki kanunçylyga ornaşdyrmak we migrasiýa kanunçylygyny iş ýüzünde netijeli durmuşa geçirmekligiň ähmiýetlidigini, şeýle hem parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatdaky ähli başlangyçlardyr maksatnamalar boýunça hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirmäge taýýardygyny bellediler.

Türkmenistan Halkara migrasiýa guramasynyň agzasy bolmak bilen, adam söwdasyna garşy göreşmek, dürli howplaryň öňüni almak we beýleki wajyp meseleler boýunça bu gurama bilen köp ýyllardan bäri hyzmatdaşlygy amala aşyryp gelýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Halkara migrasiýa guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň barha giňeýändigi barada aýdyp, migrasiýa babatdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna uly ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň