Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi bilen duşuşdy

17:4310.03.2023
0
43345
Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi bilen duşuşdy
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy boýunça pikir alşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy barada bellenildi. Bu babatda häzirki wagtda ugurlaryň giň toplumy, şol sanda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulandygy nygtaldy. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy bar bolan ikitaraplaýyn formatlaryň çäklerinde ulgamlaýyn esasda alnyp barylýandygy bellenildi.

Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşiniň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy barada hem bellediler. Şol bir wagtda 2019-njy ýylyň iýunynda kabul edilen hem-de sebitde hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik esasyny üpjün edýän Ýewropa Bileleşigiň Merkezi Aziýa üçin täzelenen Strategiýasynyň ähmiýetini hem nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda ýakyn wagtda meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn taslamalaryň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň