Soňky habarlar

Arhiw

«Halk market» «Master Card Maestro» bank karty bilen edilen söwda üçin 6% sylag bermegini dowam edýär

10:3506.03.2023
0
32924

Halkyň sarp edýän harytlarynyň dükanlar zynjyry «Halk market» Rysgal paýdarlar täjirçilik bankynyň «Master Card Maestro» bank kartlarynyň eýelerine aýda 6% sylag almak mümkinçiligini ýatladýar.

Halk marketde harytlar satyn alnanda we olaryň tölegi «Master Card Maestro» bank karty bilen geçirilende, her aýyň aýagynda sarp edilen puluň 6%-i hasabyňyza gaýtarylýar. 3% sylag bank tarapyndan berilýär, 3% bolsa «Halk market» tarapyndan.

«Halk marketde» edilen söwdalaryň tölegleri «Master Card Maestro» bank kartlary bilen geçirilende berilýän sylag «Rysgal» banky tarapyndan ýola goýlan «Ygrarlylyk maksatnamasyna» dükanlar zynjyrynyň gatnaşmagy arkaly üpjün edilýär.

«Halk marketde» ýerli we daşary ýurt öndürijileriniň öndürýän azyk önümleriniň dürli görnüşleri, hojalyk himiýa serişdeleri, kosmetika, öý üçin harytlar ýaly gündelik sarp edilýän harytlaryň köp görnüşini satyn almak mümkindir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň