Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Bakuwda Goşulyşmazlyk Hereketiniň sammitine gatnaşar, Türkmenistanda öý internetiniň tizligi 6 Mbit/s çenli ýokarlandyryldy, Gruziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy we beýleki habarlar

10:2002.03.2023
0
29243

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2-nji martda Azerbaýjanyň paýtagtynda geçiriljek Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň Sammitine gatnaşmak üçin şu gün irden iş sapary bilen Bakuwa bardy. Geýdar Alyýew adyndaky Halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmanyň hormatyna iki ýurduň döwlet baýdaklary asmana galdyryldy we hormat garawuly nyzama düzüldi.

2. 28-nji fewraldan 1-nji marta geçilýän gijede tutuş Türkmenistan boýunça prowaýderler çäklendirilmedik internet ulanmak üçin nyrhnamalary arzanlatdylar we şol bir wagtyň özünde tora birikmegiň tizligini ýokarlandyrdylar. 512 Kbit/sek tizlikli nyrhnamany ulanýan abonentler 1-nji martdan awtomatiki usulda 1 Mbit/s tizlige geçirildi. Internet nyrh meýilnamasyny «Turkmentelekomyň» we AŞTU-nyň resmi saýtlaryndaky şahsy otagda üýtgetmek mümkindir. Ýa-da prowaýderiňiziň merkezi edarasynda öý internet nyrhnamasyny üýtgetmek üçin arza arkaly ýüz tutup bilersiňiz. Internet nyrhnamasyny üýtgetmegiň bahasy 1 manat bolar.

3. Gruziýanyň şypahanalaryny ösdürmek agentligi Türkmenistanda ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Tanyşdyryş çäresi Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi. Bu çärä syýahatçylyk agentlikleriniň, hususy kompaniýalaryň we Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. Gruziýanyň şypahanalaryny ösdürmek agentliginiň wekilleri ýurduň mümkinçilikleri barada çykyş etdiler hem-de näme sebäpden sebitiň tanyşlyk we dynç alyş üçin özüne çekijidigini gürrüň berdiler. Gruziýanyň balneologiki şypahanalaryna we ýurduň maýa goýum taslamalaryna aýratyn üns çekildi.

4. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde görnükli türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowyň doglan güni mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. 28-nji fewralda onuň 83 ýaşy dolardy. Gurbannazar Ezizowyň öçmejek şöhratynyň syry onuň döredijiliginiň çuňňur pelsepesindedir, şahyrana keşpleriň köpdürlüligindedir. Onuň döredijiligi häzirki güne çenli milli medeniýetde uly orun tutýar we türkmen halkynyň berk ruhy köklerine şaýatlyk edýär diýip, Annagözel Ýagşyýewa belläp geçdi.

5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowy 66 ýaşynyň dolmagy bilen gutladylar.

«Siz türkmen halkynyň öňden gelýän we mähriban dosty bolup durýarsyňyz. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylan işlere ýokary baha berýäris. Biziň hoşniýetli gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ýokary depginlerde ösdüriljekdigine berk ynanýaryn» diýlip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň gutlag hatynda bellenilýär.

Dünýäde

6. 28-nji fewraldan 1-nji marta geçilýän gijede Gresiýanyň Larisa şäheriniň golaýynda ýük we ýolagçy otlulary çaknyşdy, heläkçiligiň netijesinde, azyndan, 29 adam pida boldy, 85 adam ýaralandy, käbirleriniň ýagdaýy agyr. Afinydan Saloniki şäherine barýan ýolagçy otlusy 350 golaý adamy alyp barýardy. Ýaralananlar ýerli hassahanalara iberildi, ýene 270 adam hassahana ýerleşdirilmekden boýun gaçyrdy, olary heläkçilik bolan ýerden awtobus arkaly Saloniki şäherine alyp gitdiler.

7. Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky weýrançylykly ýertitremeden bir aýa golaý wagt geçensoň, ölenleriň sany 45 müňden geçdi. Gözleg-halas ediş işlerine Netijeleriň öňüni almak müdirliginiň 234 müň işgäri, polisiýa, harby gullukçylar we meýletinçiler çekildi, 18 müň tehnika işe girizildi. Öýlerini ýitirenler üçin 358 müňden gowrak çadyr guruldy, tutuş ýurt boýunça 332 sany ilatly nokatda konteýner şäherçeler döredildi.

Sport habarlary

8. Türkmenistanyň topary türgenleşik ýygnanyşygy üçin BAE geldi. Futbolçylar we klubyň tälimçiler toparynyň uçary Dubaýyň howa menziline gondy. «Ahalyň» BAE-de türgenleşik ýygnanyşygy 2 hepde dowam eder.

9. «Bawariýanyň» öňki baş tälimçisi Ýurgen Klinsman Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndysyna ýolbaşçy hökmünde bellenildi. Şertnama mart aýyndan başlap, 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň finalyna çenli 3 ýyl 5 aý dowam eder. 58 ýaşly hünärmeniň soňky iş ýeri Berliniň «Gerta» topary bolupdy we ony 2020-nji ýylyň fewralynda terk edipdi. Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndysynyň öňki tälimçisi 2018-nji ýylyň awgust aýyndan bäri topara ýolbaşçylyk eden portugaliýaly Paulu Bentu bolupdy. Katarda geçirilen dünýä çempionatynda Bentunyň topary 1/8 finala çykyp, şol duşuşykda braziliýalylardan 1:4 hasabynda ýeňildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň