Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda çäklendirilmedik internete girmegiň tizligi ýokarlandyryldy we nyrhy arzanladyldy

03:0001.03.2023
3
43845

Şu gün Türkmenistanyň ähli ýerinde sagat 00:01-de çäklendirilmedik internetden peýdalanmak üçin nyrhnamalar bir wagtyň özünde arzanladyldy we şol bir wagtyň özünde tora birikmegiň tizligi ýokarlandyryldy. Belläp geçsek, Türkmenistanda ADSL we VDSL tehnologiýalary boýunça internet hyzmatlary «Türkmentelekom» we AŞTU tarapyndan üpjün edilýär.

Öý internetiniň täze nyrhnamalary:

1 Mbit/s — 150 manat
2 Mbit/s — 180 manat
4 Mbit/s — 230 manat
6 Mbit/s — 280 manat

512 Kb/sek tizlikli nyrhnamany ulanýan müşderiler awtomatik usulda 1-nji martdan başlap 1 Mbit/s tizlige geçirildi.

Internet nyrhnamasyny iki usulda çalşyp bolýar.

1-nji usul — Aragatnaşyk gullugyna baryp çalyşmak

Bu usul «Türkmentelekom» we AŞTU-nyň resmi saýtlarynda ýerleşdirilen «Şahsy otagy» gowy we düşünip ulanyp bilmeýän müşderiler üçin örän amatlydyr. Aragatnaşyk ulgamynyň merkezine baranyňyzda ýanyňyz bilen pasportyňyzy hem-de hyzmat şertnamasyny almagy ýatdan çykarmaň. Merkezi edarada öý internetiniň nyrhnamasyny çalyşmak üçin arza ýazmalydyr. Nyrhnama girizilen üýtgeşmeler geljekki aýyň 1-inden ýola goýlup başlanar. Ýagny, siz arzaňyzy 28-nji fewralda ýazan bolsaňyz, onda nyrhnama aýyň 1-inden başlap hasaplanylýar.

2-nji usul — Şahsy otagda çalyşmak

Eger siz nyrhnamany oturan ýeriňizden, hiç bir ýere gidip arza ýazmazdan çalyşmak isleýän bolsaňyz, onda muny «Şahsy otagyň» kömegi bilen edip bilersiňiz.

Bu nädip amal edilýär:

Ilki bilen, hyzmatlary we gurluşlary dolandyrmak üçin AŞTU-nyň saýtyndaky «Şahsy otagda» hasaba alynmaly. «Şahsy otaga» girmek üçin PIN belgini almakda bolsa öý telefonuňyzdan 084 belgä jaň edip, berlen PIN belgini degişli öýjüge ýazyň. Soňra «Şahsy otaga» giriň. Mundan soň bolsa, telefon belgisi görkezilen sahypa çykar we şol ýerde hem «Nyrhnamany çalyşmak» diýen salgylanma basmaly. Täze nyrhnamalary özünde jemleýän täze sahypa ýüklener. Bu ýerden özüňize gerek bolan nyrhnamany saýlap, «Çalyşmak» düwmesine basmaly. Görnüşi ýaly, munda bary-ýogy birnäçe düwmä basmak arkaly hiç bir ýere gitmezden nyrhnamany çalyşmak bolýar.

Edil şunuň ýaly mümkinçilikler «Türkmentelekom» EAK-yň resmi web saýtynda hem elýeterlidir.

Internetiň nyrhnamasyny çalyşmak üçin 1 manat möçberinde ýygym tutulýar.

Eger täze nyrhnama geçirilmeli hasabyň möçberi kesgitlenen tölegiň bahasyna ýetmeýän bolsa, onda interneti birikdirmek üçin hasaby doldurmak maslahat berilýär.

Maglumat üçin telefon: 083

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
umit1416 ( 01.03.2023 )

Здравствуйте я бы хотел узнать если я переведу тариф на 6мбит я смагу зайти на сайты где можно скачать прошивки сайты в блоке а я работаю телемастером и мне надо скачать всякие прошивки для своей работы заранее спасибо за инфо

36
Sam ( 03.03.2023 )

Если ай пи адреса не заблокированы этих сайтов можно будет, а так в основном все заблокировано. Толку от этих 6 Мбит, чуть быстрее будешь открывать и узнавать погоду на завтра.

6