Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystanyň Baştutanyna gutlag ýollady

11:1501.03.2023
0
35754

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowy doglan güni bilen gutlady. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

— Siz türkmen halkynyň öňden gelýän we mähriban dosty bolup durýarsyňyz. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylan işlere ýokary baha berýäris. Biziň hoşniýetli gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ýokary depginlerde ösdüriljekdigine berk ynanýaryn — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag hatynda belleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Tatarystanyň Baştutanyna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň