Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň kafedralaryny döretmek baradaky ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekildi

19:2116.02.2023
0
55472
Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň kafedralaryny döretmek baradaky ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekildi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün, 16-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedralaryny döretmek baradaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmegiň resmi dabarasy geçirildi.

Bu çärä Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Magtymguly adyndaky TDU-nyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň rektorlary, ÝUNESKO-nyň we ÝUNESKO-nyň işi boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň ýolbaşçy wekilleri gatnaşdy. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Gol çekişlik dabarasyny Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili M.Çaryýew açdy. Şeýle hem, çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministri G.Ataýewa, ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň orunbasary hanym Stefania Jannini we ÝUNESKO-nyň işi boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň Jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa çykyş etdi. Çykyş edenler Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň ilkinji kafedralarynyň açylmagynyň ähmiýetini nygtap geçdiler.

Soňra Magtymguly adyndaky TDU-niň rektory B.Orazdurdyýewa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ÝUNESKO-nyň «Medeni miras: geçmişden geljege» kafedrasyny döretmek baradaky ylalaşyga gol çekdi. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory G.Muhammedow ÝUNESKO-nyň «Durnukly ösüşiň bähbidine ekologiýa bilimi» kafedrasyny döretmek baradaky ylalaşyga gol çekdi.

117 döwletiň ýokary okuw jaýlarynyň şuňa meňzeş kafedralaryny birleşdirýän ÝUNESKO UNITWIN kafedralarynyň tory, olara ylym we bilim pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, halkara möçberde milli tejribesini paýlaşmaga mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň