Soňky habarlar

Arhiw

Turkmen Energetika-2023 halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

12:2609.02.2023
0
41105

Türkmenistanyň Energetika ministrligi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 2023-nji ýylyň 6-7-nji awgustynda geçiriljek «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2023» (Turkmen Energetika-2023) atly halkara sergä we «Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň we energetika pudagynyň ösüşi» atly maslahata gatnaşmaga çagyrýar.

Sergi meýdançalary tejribe alyşmagyň möhüm guraly we döwlet hem hususy ulgamyň işewürleriniň duşuşyk ýeri bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň resmi saýtynda bellenilişi ýaly, eksponentler taslamalary durmuşa geçirmekde gazanylan iň oňat netijeleri görkezmek bilen birlikde, bu ulgamda halkara tejribesiniň iň soňky işläp taýýarlamalar bilen hem tanyşdyrar.

«Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň we energetika pudagynyň ösüşi» atly maslahat Türkmenistanyň gurluşyk we energetika ulgamlaryndaky mümkinçilikleri we maýa goýum gurşawy barada giňişleýin maglumat almaga şert döreder.

Has giňişleýin maglumaty guramaçylyk toparyndan alyp bilersiňiz:

Türkmenistanyň Energetika ministrligi,

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

  • Saýt: www.cci.gov.tm
  • Elektron poçta: exhibition@www.cci.gov.tm

Bilelikdäki guramaçylar: Net Fuar Organizasyon. Ltd.Sti/Net Organization.

  • Web saýt: www.turkmenenergetika.com
  • E-mail: info@turkmenenergetika.com.
  • Telefon belgileri: +902122726120.
  • Whatsap: +905389726120.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň