Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Galkynyş» toý mekany maşgala we toý dabaralaryny ýokary derejede gurap berýär

09:4208.02.2023
0
46664

Aşgabatda ýerleşýän «Galkynyş» toý mekany dürli görnüşli dabaralary — maşgala baýramçylygyndan başlap, kärdeşlik oturyşlyklaryny, belent äheňli ýubileýleri hem-de toýlary ýokary guramaçylykda bellemek hyzmatlaryny hödürleýär.

Toý mekanynyň giň we göwnejaý zalyna birbada 500 adam ýerleşip bilýär. Bu ýerdäki tagamnamalarda tejribeli aşpezleriň taýýarlamagynda türkmen milli tagamlary bilen birlikde, türk hem-de ýewropa aşhanalarynyň naharlary we süýjülikleri myhmanlara ýetirilýär.

«Galkynyş» toý mekanynda hem gündizki (sagat 12:00-dan 15:00-a çenli), şeýle hem agşamky toý-dabaralary (18:00-dan 22:30-a çenli) bellemek mümkindir.

«Galkynyş» toý mekanynyň ýerleşýän salgysy: Aga Berdiýew köçesi: 1-nji jaý (Ahalteke atçylyk sport toplumynyň çäginde). Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 28 08 54, (+993 63) 85 91 22.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň