Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şu hepde Türkmenistanda ýene gar ýagar

11:3806.02.2023
0
100041

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... -6 gradus sowukdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +16... +21 gradus, kenarýaka etraplarda +9... +14 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... -6 gradus sowukdan +4… +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -2... +3 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... -7 gradus sowukdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -2... +3 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... -9 gradus sowukdan +3... +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -3... +2 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -5... -10 gradus sowukdan -1... +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0... -5 gradus sowukdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl bolar.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 7 metrden 11 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... -5 gradus sowukdan +4... +6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0... +2 gradusdan +15... +17 gradus aralygynda maýyl bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň