Şu günler daşary ýurt döwlet ýolbaşçylaryndan, syýasatçylardan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Hatlary iberýänler halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edýärler we berk jan saglyk, uzak ömür, rowaçlyk, täze jogapkärli işinde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärler.
Şeýle mazmundaky hat Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmondan hem gelip gowuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
— Siz köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň we Garaşsyzlygynyň esaslaryny pugtalandyryp, ýurduňyzy durmuşyň ähli ulgamlaryndaky ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýarsyňyz. Siziň ýolbaşçylygyňyzda doganlyk Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk daşary syýasatyna eýerip, özüniň halkara abraýyny has-da belende galdyrmakda uly üstünlikleri gazandy.
Şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine goşan saldamly goşandyňyzy bellemek isleýärin. Köpasyrlyk umumy taryha esaslanýan täjik-türkmen gatnaşyklarynyň ilerledilmegine mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdygyňyza umyt edýärin.
Gadyrly dostum we doganym, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, jogapkärli wezipäňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin! — diýip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon gutlag hatynda belleýär.