Soňky habarlar

Arhiw

«Iş nokady» döredilmeginiň 3 ýyllygy mynasybetli ussatlyk sapaklaryny geçirýär

09:3631.01.2023
0
37073

Türkmenistanda ilkinji bilelikdäki iş merkezi (koworking merkezi) «Iş Nokady» 11-nji fewralda 3 ýaşyny doldurýar. Bu waka bilen baglanyşykly kompaniýanyň her bir taslamasyna bagyşlanan ussatlyk sapaklary guralar.

Marafonyň ilkinji güni, 6-njy fewralda «Iş Nokadynda» «Toparlaýyn işde döredijilikli pikirlenmek» mowzugyna bagyşlanan çäre geçiriler. Ussatlyk sapagy interaktiw oýun görnüşinde geçiriler, onuň dowamynda bilelikdäki iş merkeziniň wekilleri ähli döredijilikli pikirleniş we hyýal mümkinçilikleriňizi ulanmaga hem-de iň adaty bolmadyk maksatlaryňyzy durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýän käbir ýeňillikleri we usullary paýlaşarlar.

Şeýle hem çärä gatnaşyjylar «Iş Nokadanyň» işi, kompaniýanyň hödürleýän hyzmatlary we bilelikdäki iş merkeziniň iş ugrunyň aýratynlyklary bilen tanşarlar.

Ilkinji çäräniň alypbaryjysy – «Iş Nokadanyň» hünärmeni Wladislaw Popow. Çäräniň başlanýan wagty: 18:30, bahasy 150 manat. Gatnaşmak üçin şu salgy boýunça öňünden ýazylmak gerekdir.

Gatnaşmak isleýänlere «Berkarar» işewürlik merkeziniň 10-njy gatynda, J1 binada garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň