Aşgabatda saparda bolýan Wýaçeslaw Wolodiniň ýolbaşçylygyndaky Russiýanyň Döwlet Dumasynyň wekilýeti şu gün Aşgabatda ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna baryp, bu ýerde gül desselerini goýdular. Bu barada Döwlet Dumasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Ýadygärlikler toplumyndaky «Baky şöhrat» ýadygärligi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň, «Ruhy ybadat» ýadygärligi 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabat ýer titremesinde ejir çekenleriň, «Milletiň ogullary» ýadygärligi Gökdepe galasynyň goragçylarynyň hormatyna bina edilendir.
Ozal habar berişimiz ýaly, bu sapar Döwlet Dumasynyň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet Dumasynyň wekiliýetiniň soňky 11 ýylda Türkmenistana eden ilkinji saparydyr.