Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli sergi açyldy

16:5025.01.2023
0
29360

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan serginiň dabaraly açylyşy boldy.

«Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berlişi ýaly, bu dabara Türkmenistanyň Harby institutynyň harby talyplary hem-de Berdimuhammet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň okuwçylary gatnaşdylar.

Muzeýiň müdiri Meretgeldi Çaryýew sergä gatnaşyjylara ýüzlenip, Watan goragçylarynyň gününiň ata-babalarymyzyň batyrgaý gahrymanlygynyň taryhyny hem-de Watana hyzmat etmek ýaly asylly däbiň dowamlylygyny özünde jemleýändigini aýtdy.

Serginiň eserlerinde milli goşunyň möhüm taryhy wakalary, hususan-da, türkmen esgerleriniň ýokary hünär derejesini we ussatlygyny aýdyň beýan edýän, şeýle-de her ýylda ýurdumyzda Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilýän harby ýörişler şekillendirilýär.

Bulardan başga hem, sergi eserleriniň hatarynda türkmen halkynyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky taryhy özgertmeleri şöhlelendirýän köp sanly fotosuratlar, haly önümleri we diwarlyklar, şeýle-de Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň döredilmegi we Milli goşunyň üstünlikleri barada baý maglumatlary görkezýän fotoresminamalar aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň