Soňky habarlar

Arhiw

Lebapdaky «Halk market» dükany gök we miwe önümlerine her günde arzanladyşlary yglan edýär

14:1723.01.2023
0
46860
Lebapdaky «Halk market» dükany gök we miwe önümlerine her günde arzanladyşlary yglan edýär

Azyk we gündelik durmuşda giňden sarp edilýän önümleri «Halk market» dükanlar tory Lebap welaýatynyň we onuň merkezi şäheriniň ýaşaýjylaryny Türkmenabat şäherinde ýerleşýän dükanyna çagyrýar. Dükanlar torunyň welaýatdaky bu dükanynda her günde gök-bakja hem-de miwe önümleriniň ähli görnüşleri 15% arzan bahalardan alyjylara hödürlenýär.

«Halk market» dükanlarynda azyk harytlaryň her dürli görnüşleri — ýerli önümçilige degişli hem-de import edilen gök we miwe önümleri, däneli önümler, et we şöhlatlar, süýt önümleri, konditer hem-de çörek önümleri, çaýyň we kofeniň dürli görnüşi, berhizlik önümler we beýlekileri satyn almak bolýar. Şunuň bilen birlikde, dükanda hojalyk himiýa arassalaýyş serişdeleri: kir ýuwujy, gap-gaç ýuwujy serişdeler, tämizleýjiler hem-de dürli ýerleri arassalamak üçin niýetlenen harytlar müşderilere ýetirilýär.

«Halk market» dükanlar torunyň Lebap welaýatyndaky dükanynyň salgysy: Türkmenabat şäheri, «Lebap» söwda merkezi, 1-nji gat. Telefon belgileri: (+993 422) 4 35 47.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň