Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Mämmet Guldurdyýewiç Baýramgulyýew Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.
Şöhrat Hudaýberdiýewiç Annamyradowy Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň oba hojalyk önümçiligi boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.