Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin Aşgabatda geçirilen rus-türkmen işewürlerlik forumynda Russiýanyň gümrük gözegçiligini we wiza düzgünini ýönekeýleşdirmegi göz öňünde tutmaga taýýardygyny aýtdy.
Mihail Mişustin öz çykyşynda: «Türkmen kärdeşlerimiz bilen bilelikde gümrük, weterinariýa we fitosanitar gözegçilik işlerini ýönekeýleşdirmek, işewür toparlarynyň wekilleri üçin wiza düzgünini ýeňilleşdirmek mümkinçiligine garamaga taýýardyrys» diýdi.
Şeýle hem ol Russiýanyň Türkmenistanyň öňdebaryjy söwda we ykdysady hyzmatdaşlaryndan biridigini, iki tarapyň hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin tagallalaryny dowam etdirmek isleýändigini aýtdy.
Mihail Mişustin Russiýanyň premýer-ministri wezipesinde ilkinji gezek Türkmenistanda saparda bolýar.