Änewde italýan aşhanasynyň tagamlaryny taýýarlaýan restoran açyldy

13:5818.01.2023
0
45844

«Ilatly» restorany Aşgabadyň we onuň daş-töwereginiň ýaşaýjylaryny italiýaly professional aşpez tarapyndan taýýarlanýan italýan aşhanasynyň dürli görnüşli tagamlary bilen tanyşmaga çagyrýar.

Rahat, döwrebap Ýewropa usulynda bezelen restoranda müşderilere ýokary italýan aşhanasynyň iň meşhur we özüne çekiji tagamlary – pastalaryň dürli görnüşleri, rizotto, lazanýa, pissalar, meşhur italýan süýjülikleri, şeýle hem özboluşly italýan usulynda taýýarlanan kofe garaşýar.

«Ilatly» restorany Aşgabadyň etegindäki Änew şäherinde Gurbansoltan eje köçesiniň ugrunda ýerleşýär. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 65) 65 01 41. Restoranyň sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň