Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan yslam ýurtlarynyň we Tatarystanyň toparlarynyň arasyndaky hokkeý ýaryşyna gatnaşar

14:5013.01.2023
0
56197

2023-nji ýylyň 14-17-nji ýanwary aralygynda Kazanda yslam ýurtlarynyň we Tatarystan Respublikasynyň toparlarynyň arasynda ilkinji hokkeý ýaryşy geçiriler. Ýaryşa Türkmenistanyň hokkeý boýunça erkekler ýygyndysy hem gatnaşar diýlip, «ak-bars.ru» web sahypasynda habar berilýär.

Ýaryşa erkekleriň 12 sany we zenanlaryň 5 sany höwesjeň toparlary gatnaşarlar. Erkekleriň arasynda geçiriljek duşuşyklarda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Saud Arabystanynyň, Eýranyň, Omanyň, Bahreýniň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, şeýle hem Alžiriň, Marokkonyň we Liwanyň oýunçylarynyň birleşen hokkeý ýygyndylary ýaryşarlar.

Zenanlaryň arasynda Tatarystandan, Eýrandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Saud Arabystanyndan we Bahreýnden gelen türgenler bäsleşer.

Ýaryşyň açylyş oýny 14-nji ýanwarda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň