«Halk market» dükanlar tory Türkmenistanyň «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan guralýan «Şowly söwda» aksiýasyna gatnaşmagyny dowam etdirýär.
Bu aksiýanyň programmasyna laýyklykda, «Halk market» dükanlar torunyň islendik dükanyndan «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň Maestro Master Card karty arkaly töleg edýän müşderilere söwdanyň 6%-i keşbek hökmünde yzyna gaýtarylyp berilýär.
Her aýlyk söwda edilen harajatlar üçin onuň 3%-ni «Rysgal» PTB, galan 3%-ini bolsa «Halk market» gaýtaryp berýär. Söwdanyň keşbek göteriminiň puly kartyň hasabyna her aýyň ahyrynda awtomatik usulda geçirilýär.
«Halk market» dükanlaryndan iň isleg bildirilýän azyk önümleri — däne önümlerini, et we şöhlat önümlerini, süýt önümlerini, süýjülikleri, çörek we un önümlerini, hojalyk himiýa we arassaçylyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini satyn almak bolýar.