Soňky habarlar

Arhiw

«Milli önüm» hususy kärhanasy geçen ýyl 129 tonna ýüp eksport etdi

11:3206.01.2023
0
24206

Öz işini Lebap welaýatynda alyp barýan «Milli önüm» hususy kärhanasynda geçen ýyl bäri ýyladyşhanalarda gök önümleri, oba hojalygynda bede-saman desselerini daňmak üçin we beýleki zerurlyklarda ulanylýan ýüpleriň 493 tonnasy öndürildi.

Bu barada Türkmenistanyň sebitleýin neşiri habar berýär.

Degişli döwürde öndürilen önümleriň 129 tonnasy, ýagny, 604 müň 450 manatlygy daşarky bazarlara eksport edildi.

Kärhana 2016-njy ýylda öz işine başlady. Bu ýerde polipropilen gaýtadan işlenilip, öndürilýär. Önümçilikde zerur bolan çig mal Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan we Gyýanlydaky polimer zawodyndan getirilýär.

Her aýda 50 tonna polipropilen gaýtadan işlenilip,1,3 kilogramdan 5 kilograma çenli agramda öndürilýän ýüplere isleg barha artýar. Germaniýanyň we Türkiýäniň ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrylan bu döwrebap hususy kärhananyň işi doly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylyp, önümçilikde işçi-hünärmenleriň 33-si zähmet çekýär. «Milli önümiň» harytlary häzirki wagtda içerki bazar bilen bir hatarda Gruziýa, Azerbaýjan, Özbegistan, Gazagystan ýaly döwletlere-de eksport edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň