Soňky habarlar

Arhiw

«Mançester Siti» «Lidsi» ýeňip, ikinji orna dolandy

10:5029.12.2022
0
31633

«Lids Ýunaýted» — «Mançester Siti» oýny bilen Angliýanyň premýer-ligasynyň 17-nji tapgyry tamamlandy. Tapgyryň ahyrky oýny 1:3 hasabynda myhmançylykda çykyş eden «Mançester Sitiniň» peýdasyna tamamlanyp, Gwardiolanyň şägritlerinden Holland iki goly (54, 61) we Rodri bir goly (45+1) öz adyna ýazdyrdy. Ýer eýeleriniň ýeke-täk jogap topuna 73-nji minutda Paskal Streýk awtorlyk etdi. Şeýlelikde, 17-nji tapgyrdan soňra «Mançester Siti» 15 oýunda toplanan 35 utuk bilen ýene-de ikinji orunda galdy.

Turnir tablisasynyň birinji basgançagy 15 oýunda 40 utuk gazanan «Arsenala», üçünji orny bolsa 16 oýunda 33 utuk toplan «Nýukasla» degişli. Mundan başga-da güýçli bäşlikde «Tottenhem» (16 oýun 30 utuk) we «Mançester Ýunaýted» (15 oýun 29 utuk) toparlarynyň hem ady bar. 17-nji tapgyrda ýeňlişe sezewar bolan «Lids» 15 oýunda gazanylan 15 utuk bilen 15-nji ýerde barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň