Aşgabatda sungaty öwreniji Azat Annaýewiň şahsy sergisi açyldy

20:0025.12.2022
0
30663
Aşgabatda sungaty öwreniji Azat Annaýewiň şahsy sergisi açyldy
Surat: «Türkmenistan: Altyn asyr»

Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sungaty öwreniji Azat Annaýew şahsy sergisi açyldy.

Sergide A.Annaýewiň çeken suratlaryndan başga-da, görnükli türkmen suratkeşleriniň işleri bilen tanyşdyrýan kitaplar hem görkezilýär.

Ýeri gelende bellesek, bu sergi sungaty öwreniji Azat Annaýewiň ikinji şahsy sergisidir. Onuň birinjisi sergisi 2020-nji ýylda guraldy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habaryna görä, häzirki serginiň üsti 16 sany täze eser bilen ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň