Soňky habarlar

Arhiw

Pudagara topar Arkadag şäheriniň gurluşygy tamamlanan desgalaryny we binalaryny kabul edip alar

09:4022.12.2022
0
33105

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurluşygy tamamlanan desgalary we binalary seljermek hem-de kabul etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurluşygy tamamlanan desgalaryň we binalaryň Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna, halkara ölçeglere hem-de kadalara laýyklygyny seljermek, kabul etmek boýunça pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düýn geçirilen göçme mejlisinde Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy D.Täşliýew Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde gurluşygy tamamlanan desgalary we binalary seljermek we kabul etmek boýunça degişli tabşyrygyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň