Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tutuş maşgala bilen nirä gezelenje gitmeli: Aşgabadyň Täze ýyl «medeni menýusy»

11:0219.12.2022
0
38060

Täze 2023-nji ýyla bary-ýogy iki hepde galdy. Iň gowy görýän dynç alyşymyz her dürli tagamlar, köp sanly we dürli wakalar bilen gelýär. Täze ýyl «menýusynda» aýdym-saz söýüjiler üçin hem, ajaýyp we şadyýan tomaşalara höwesekler üçin hem, we elbetde dürli sowgatlara höwes bildirýän köp sanly çagalardyr ulular üçin hem «tagamlar» bar.

Baýramdan öňki günlerde ýurduň Baş arçasynyň oturdylan ýeri bolan «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we paýtagtyň myhmanlary üçin özüneçekiji ýere öwrüldi. 23-nji dekabrda Täze ýyl gözelligi, liriki setirlerden lezzet almak we söz ussatlary bilen tanyşmak isleýänler üçin şahyrana eserleri diňläp bolar. Duşuşygyň 15:00-da başlajakdygyny habar berýäris!

24-25-nji dekabr aralygynda Suratkeşler birleşiginiň sergi zaly sizi elde ýasalan gurjaklardyr oýunjaklar dünýäsine çagyrýar. Ussalar bu ýere gelenleri özboluşly we üýtgeşik eserleri bilen tanyşdyrarlar. Olar öz eserleriniň nähili döredilendigini aýdyp bererler. Paýtagtyň ýaşaýjylary tarapyndan sergä sabyrsyzlyk bilen garaşylýandygy bolsa begendiriji ýagdaýdyr.

Ýaş tomaşaçylar we gudratlara ynanýanlar üçin bolsa Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sungat işgärleri tarapyndan gurjaklaryň hakyky dünýäsi açylar. 20-nji dekabrdan başlap teatra gelýänleri Aýazbabadyr Garpamyk garşylar. Ýeri gelende aýtsak, iň gowy görýän Täze ýyl we erteki gahrymanlaryňyzy dürli dabaralara çagyrmak mümkinçiligi-de bar.

Siz täsinlik görmek isleýärmisiňiz? Onda 25-nji dekabrda sagat 13:00-da we 16:00-da «Aşgabat» söwda merkeziniň birinji gatynda geçiriljek dabara hoş geldiňiz. Bu ýerde aýdymlar, tanslardyr bäsleşikler, hakyky Aýazbaba we beýleki gahrymanlar bolar. Şeýle hem Aýazbabadan süýji sowgatlar bar. Dabara üçin petekleri öňünden satyn almaly.

Mukamlar köşgi aýdym-saz söýüjileri 25-nji we 26-njy dekabrda sagat 19:00-da boljak Döwlet simfoniki orkestriniň Täze ýyl konsertlerine çagyrýar. Aýdym-sazly çykyşlaryň meýilnamasynda Täze ýyla bagyşlanan we beýleki nusgawy sazlar ýerine ýetiriler.

Häzirki zaman estradasynyň muşdaklary hem Täze ýylda döredijilik sowgatsyz galmazlar. Olar üçin 28-nji, 29-njy we 30-njy dekabrda «Watan», «Türkmenistan» kinoteatrlarynda we konsert merkezlerinde geçiriljek konsertler, şeýle hem 25 — 27-nji dekabr aralygynda Gyşky sport toplumynda meýilleşdirilýän daşary ýurt aýdym-saz ýyldyzlarynyň çykyşlary bolar.

Türkmenistanyň ýaşlar guramasy paýtagtyň ýaşaýjylaryny 30-njy dekabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde sagat 15:00-da geçiriljek «Hoş geldiň, Täze ýyl!» çäresine çagyrýar.

Elbetde, Täze ýyl wakalarynyň iň ýokary derejesi 2022-nji ýylyň soňky gününde bolar. 31-nji dekabrda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we paýtagtyň myhmanlary şäheriň birnäçe konsert meýdançalarynda döwrebap dynç alarlar.

«Ylham» seýilgähinde Täze ýylyň garşylanyşy 18:00-da başlar. Takmynan bir sagatdan soň, Döwlet sirkiniň golaýyndaky meýdançada gyzykly tomaşa meýilnamasyna badalga berler. Şu ýerden bolsa, Täze ýyl arçasyna baryp bilersiňiz. Şol ýerde sagat 21:00-da Täze ýyl şowhuny guralar. 23:00-da bolsa ýurduň sebitleriniň ýaşaýjylary teleköpri arkaly oňa goşular. Şol gün olar üçin «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň ýanynda baýramçylyk çäreleri guralar. Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň halky täze 2023-nji ýyly maşgala bolup bilelikde bellärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň