«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri Gyýanly obasynda işlemek üçin kömekçi (inwentar we maddy-tehniki serişdeleriň dolandyrylyşy boýunça) wezipesine işe çagyrýar.
Bildirilýän talaplar:
Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:
Bilimi: orta bilim hakyndaky attestat ýa-da deň derejeli bilim hakynda resminamasy.
Iş tejribesi: materiallara we enjamlara degişli ülňüler hem-de normatiwler (MESC) boýunça 5 ýyllyk iş tejribesi bolmaly, satyn almak, maddy-tehniki serişdeleriň dolandyrylyşy, ammarda, sehde işleriň ýerine ýetirilişi boýunça esasy endikleri we bilimleri bolmaly.
Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
Endikleri we başarnyklary: programma üpjünçiligini ulanmakda başarnyklary bolmaly.
Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.
Doldurylan sowalnamalar «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.
Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar