Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly agyr atletikaçylaryň Pariž ― 2024-e ýollanma almak üçin gatnaşmaly ýaryşlary belli boldy

21:0216.12.2022
0
32084

Halkara Agyr atletika federasiýasy 2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek 33-nji tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýollanma gazanmaga mümkinçilik berýän ýaryşlaryň sanawyny mälim etdi.

Şol ýaryşlaryň ilkinjisi ertir Kolumbiýanyň Bogota şäherinde tamamlanjak agyr atletika boýunça dünýä çempionatydyr. Bu ýaryşda türkmenistanly türgen Rejepbaý Rejepowyň dünýäniň wise-çempiony bolandygyny ýatladýarys.

Mundan başga-da, olimpiýa ýollanmasy üçin zerur ballary toplamaga mümkinçilik berýän ýaryşlaryň sanawynda dört yklymyň birinjilikleri we Kubada geçjek IWF-iň Gran-prisi görkezilýär. 2023-nji ýylyň sentýabrynda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, noýabrynda bolsa Ýuwaş ummany oýunlarynda Okeaniýanyň çempionaty, dekabrda IWF-iň Gran-pri ýaryşlarynyň ýene biri guralar. 2024-nji ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda yklym çempionatlary geçiriler. Şol ýylyň aprelinde dünýä çempionaty geçirilip, bu olimpiýa ýollanmasyny gazanmak üçin soňky mümkinçilik bolar. Saýlama tapgyry Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagyna üç aý galanda jemlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň