Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Tokioda «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» formatyndaky gepleşiklerie gatnaşar

11:0816.12.2022
0
24738

Türkmenistan 24-nji dekabrda Tokiodaky «Iikura» kabul ediş Öýünde geçiriljek daşary işler ministrleriniň «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» formatyndaky 9-njy duşuşygyna gatnaşar. Bu barada Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde habar berildi.

Foruma Ýaponiýanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň gatnaşjakdygy aýdylýar. Sebitde durnukly ösüşi ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanjak duşuşykda daşary işler ministrleri Owganystandaky ýagdaýy we halkara gün tertibindäki beýleki meseleleri hem ara alyp maslahatlaşarlar.

Forumyň çäginde Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçiriler. Bu duşuşyklar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça anyk hyzmatdaşlyga ýol açar diýlip garaşylýar.

Ýatlap geçsek, 2020-nji ýylyň 11-nji awgustynda wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogy boýunça daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdan daşary duşuşygy geçirildi. Dialogyň 8-nji duşuşygy şu ýylyň aprel aýynda geçirildi.

«Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» formaty Ýaponiýanyň başlangyjy bilen 2004-nji ýylyň 28-nji awgustynda döredildi. Şonda Gazagystanyň Astana şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýaponiýanyň hökümetleriniň arasynda gepleşikleriň başlanjakdygy yglan edilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň