Soňky habarlar

Arhiw

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 208 müň tonna benzin öndürildi

19:5215.12.2022
0
32540

Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody şu ýylyň on bir aýynda 208 müň tonnadan gowrak benzin, 104 müň tonna golaýy dizel ýangyjyny, şeýle hem 34 müň tonna golaýy agyr wakuum gazoýly we 28 müň tonnadan gowrak ýol bitumyny öndürdi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berlişi ýaly, kärhanada önümçilige döwrebap enjamlaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy bu ýerde öndürilýän önümlere bolan islegiň, şol sanda daşary ýurt sarp edijileriniň hem sanynyň artmagyna şert döredýär.

Daşary ýurtly sarp edijileriň hataryna goşulan goňşy Özbegistan şu ýylyň başyndan bäri 20 müň tonna benzin hem-de uly möçberde ýol bitumyny satyn aldy.

Ozal 10-njy dekabrda Lebap welaýatynyň Seýdi şäheriniň «Dostluk» köçesiniň ugrunda 4 gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berilendigi barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň