Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara Bitaraplyk gününiň dabarasyna gatnaşdy

21:5812.12.2022
0
23896

Şu gün Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygy giňden bellenildi. Asylly däbe görä, şu gün milli senenamadaky bu ajaýyp baýram mynasybetli çäreler Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Ir bilen Aşgabadyň günortasynda ýerleşýän Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ilki bilen, dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanandan soň, Prezident Serdar Berdimuhamedow Bitaraplyk binasyna gül çemenini goýdy.

Döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, soňra çärä gatnaşýan Milli Geňeşiň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, syýasy partiýalaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryňdyr halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik gulluklarynyň wekilleri hem-de köp sanly beýlekiler Bitaraplyk binasynyň etegine gül desselerini goýup, oňa tagzym etdiler.

* * *

Şu gün Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hem Halkara Bitaraplyk güni, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygy uludan toýlanyldy. Baýramçylyk dabaralary welaýatlaryň merkezindäki Baş baýdak meýdançalarynda mukaddes Döwlet baýdagynyň sarpalanmagy we Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlandy. Dabaralarda ýaňlanan aýdym-sazlarda asuda, parahat durmuşyň, bagtyýar we erkana ýaşaýşyň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda onuň gazanýan beýik ösüşleriniň, ýetýän sepgitleriniň, uly halkara abraýynyň waspy belentden ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň