Nýu-Delide Hindistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlarynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. 6-njy dekabrda geçirilen duşuşykda Türkmenistana ilçi Şalar Geldinazarow wekilçilik etdi. Bu barada resmi hindi elektron neşirleri habar berýär.
Howpsuzlyk geňeşleriniň ýolbaşçylary sebitleýin we halkara howpsuzlyk meseleleri, şeýle hem Owganystandaky ýagdaý, onuň sebitdäki howpsuzlyga, durnuklylyga täsiri barada pikir alyşdylar. Bu babatda taraplar parahatçylykly, durnukly we howpsuz Owganystana güýçli goldaw berýändiklerini tassykladylar.
Duşuşykda terrorçylyga, separatizme we ekstremizme garşy göreş, bikanun ýarag we neşe dolanyşygy, transmilli guramaçylykly jenaýat hem-de kiberterrorçylyk ýaly ugurlarda özara gatnaşyklar meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar, şeýle hem Halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek baradaky Aşgabat Ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga çagyrdylar.
Alty ýurduň milli howpsuzlyk geňeşçileriniň sekretarlarynyň indiki duşuşygyny 2023-nji ýylda Gazagystanda geçirmek bellenildi.