Şu gün — 7-nji dekabrda Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada «apa.az» elektron neşirinde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, 2-nji dekabrda Milli Mejlisiň Başlygy Mejlisiň nobatdaky ýygnagynda:
— Biz 7-nji dekabrda Türkmenistana sapar bilen bararys. Sapara parlamentara iş toparynyň başlygy Fazail Agamalini hem goşular – diýip, habar berdi.
Azerbaýjan parlamentarileriniň Aşgabada amala aşyrjak saparynyň dowamynda birnäçe ýokary derejedäki kabul edişlikleriň we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegine garaşylýar.