Arhiw

Futzal: «Deňizçi» «Köpetdagy» ýeňip, çempionlyk üçin möhüm ädim ätdi

09:3006.12.2022
0
20799
Futzal: «Deňizçi» «Köpetdagy» ýeňip, çempionlyk üçin möhüm ädim ätdi

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň 23-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Paýtagtymyzda geçirilen tapgyryň merkezi duşuşygynda “Köpetdag” bilen “Deňizçi” toparlary duşuşdy. Bu duşuşykda garşydaşyndan 4:2 hasabynda üstün çykan “Deňizçi” toplan 60 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. 57 utugy bolan “Köpetdag” ikinji orunda ornaşdy.

Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.

Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda “Gümrükçi” “Ahaldan” (9:1), “Senagatbank” TNGIZT toparyndan (5:2) hem-de “Daşoguz” “Milli goşundan” (5:4) üstün çykdylar.

Ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň 24-nji tapgyrynyň duşuşyklary altynjy dekabrda geçiriler: TNGIZT – «Milli goşun», «Ahal» – «Senagatbank», «Daşoguz» – «Köpetdag», «Deňizçi» – «Gümrükçi».

23-nji tapgyryň netijeleri:
«Gümrükçi» – «Ahal» – 9:1
«Senagatbank» – TNGIZT – 5:2
«Milli goşun» – «Daşoguz» – 4:5
«Köpetdag» – «Deňizçi» – 2:4

Ýaryş tertipnamasy:

T/b TOPARLAR O Ý D U T U
1. «Deňizçi» 23 19 3 1 112-24 60
2. «Köpetdag» 23 18 3 2 123-43 57
3. «Senagatbank» 23 15 2 6 71-50 47
4. «Gümrükçi» 23 14 3 6 91-56 45
5. «Daşoguz» 23 6 3 14 80-112 21
6. TNGIZT 23 5 1 17 54-109 16
7. «Ahal» 23 4 0 19 49-133 12
8. «Milli goşun» 23 3 1 19 50-103 10

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň