Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Owadandepedäki «Üzümçilik» daýhan birleşiginde şampinýonlar maşgalasyndan telpeginiň aşagy kirpikli kömelek ýetişdirýän Türkmenistandaky iri kärhana gurlup ulanylmaga berildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web-saýty habar berýär.
Täze gurlup ulanylmaga berlen hususy kärhana telekeçi Babasadyk Çüriýewe degişlidir. Bu ýerde şampinýon öndürmek üçin dünýäde öňdebaryjylaryň biri «Sylvan» golland kompaniýasyndan miseliý satyn alyndy. Indi kärhanada uly telpekli A15 ştammly ak şampinýonlar ýetişdiriler.
Telekeçi hususy kärhanasynda eýýäm şu ýyl 600 tonna golaý hasyl almagy, ýakyn ýyllarda bolsa «Tokaýçy» haryt nyşany bilen içerki bazarlardaky söwda nokatlarynda bu azyk önümini iberiji bolmagy we ýylda 2,5 müň tonna kömelek ýetişdirmegi maksat edinýär.
Şeýle-de okaň: