Soňky habarlar

Arhiw

Eppendorf Austria GmbH kompaniýasynyň wekili: «Türkmen işewürleri bilen tanyşmak üçin geldik»

10:2501.12.2022
0
23332

Aşgabatda geçirilýän Türkmen ― awstriýa işewürlik forumyna dostlukly döwletiň Eppendorf Austria GmbH kompaniýasynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu kompaniýanyň wekili Mariýa Suhotinowa «Нейтральный Туркменистан» gazetine beren interwýusynda:

― Kompaniýamyzyň wekilleri bu foruma türkmen telekeçileri bilen ýakyndan tanyşmak üçin geldiler. Ýakyn geljekde türkmen tarapy bilen birnäçe duşuşyk geçireris. Lukmançylyk pudagynda laboratoriýa enjamlaryny we sarp edilýän zatlary import edýäris. Türkmenistanda bolup geçýän oňyn özgerişler awstriýaly telekeçileriň bu ýurda bolan gyzyklanmasyny artdyrýar ― diýdi.

Aşgabatdaky işewürlik forumynyň Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady palatasy tarapyndan guralandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň