Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Günorta Koreýa sapary tamamlandy

22:5629.11.2022
0
12500

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi sapary tamamlandy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Saparyň ikinji gününde Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýanyň «Daewoo Engineering and Construction Co. Ltd» kompaniýasynyň ýolbaşçysy, «Hyundai Engineering Co. Ltd» kompaniýasynyň Baş direktory we «LX International Corp.» kompaniýasynyň prezidenti bilen hem duşuşyklary boldy.

Şol duşuşyklardan soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna resmi saparyny tamamlap, Seulyň Halkara howa menziline geldi we ol ýerden Aşgabada ugrady.

...Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň degişli ugurlar boýunça koreý kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olarda Türkmenistanyň gazhimiýa ulgamyna maýa goýum serişdelerini çekmek, şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmak, «akylly» şäher konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek we bu ugurda Türkmenistanda başy başlanan taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapynyň wekilleri hem koreý hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge we ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtap, bank karzlaryny ätiýaçlandyrmak, gazhimiýa pudagynda taslamalary amala aşyrmak babatda-da bilelikde işlemäge taýýardyklaryny bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň