Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazanyň çägini giňeltmek meselesini öňe sürdi

22:2324.11.2022
0
24345

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň käbir ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçiren iş maslahatynyň barşynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynda Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynyň dynç alyş we syýahatçylyk mümkinçiliklerinden, şeýle-de sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, deňiz syýahatçylygyny ösdürmek bilen bagly wezipeleri üstünlikli amala aşyrmagyň wajypdygyna üns çekildi. Şunda Awazanyň çägini giňeltmek, syýahatçylygy ösdürmekde möhüm ähmiýeti bolan binalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak, bu ýerde ýurduň ilatynyň we daşary ýurtlaryň raýatlarynyň ýokary derejeli dynç alşyny üpjün etmek meseleleriniň ähmiýeti barada aýdylyp, bu işleriň netijeli ösdürilmeginiň ykdysady taýdan bähbitli boljakdygy aýratyn bellendi.

Maslahatda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň çykyşynda 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň wekillerini we hünärmenlerini Türkmenistana çagyrmak we olaryň amala aşyrjak saparynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara syýahatçylygyň ösdürilmegine bagyşlanan halkara maslahaty guramak baradaky teklip öňe sürüldi. Şeýle-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ÝUNESKO bilen bilelikde 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda «Syýahatçylyk arkaly parahatçylyk medeniýetini berkitmek» atly sebitleýin forumy geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegiň teklip edilýändigi bellenildi. Mundan başga-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ykdysady we maliýe mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, migrasiýa we gümrük ugurlarynyň gurallaryny kämilleşdirmek maksadynda, bu ýerde halkara kadalara laýyklykda ýörite wiza tertibini işläp düzmek we girizmek meselelerini öwrenmek baradaky başlangyç öňe sürüldi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Türkmenistanda milli syýahatçylyk ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda dünýäde toplanylan tejribeleri içgin öwrenmegiň zerurdygyny belledi we bu ugurda bar bolan meseleleri üstünlikli çözmek maksady bilen, degişli hünärmenleriň ýokary derejede taýýarlanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Bular barada aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna jahankeşdeleri işjeň çekmek üçin, bu ýerde zerur bolan häzirki zaman düzümleriniň, şol sanda ösen ulag we logistika ulgamynyň döredilmegine üns berilmelidigini belledi. Şunda Türkmenbaşynyň Halkara howa hem-de Halkara deňiz menzilleriniň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmalydygy barada aýdyldy.

Iş maslahatynda sebitiň ulag ulgamyndaky halkara derejede uly gyzyklanma bildirilýän aýratynlyklary we olardan netijeli peýdalanmagy dowam etmek, Balkan welaýatynyň ýangyç-energetika ulgamyndaky mümkinçilikleri, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda söwda we hyzmatlar ulgamyny, sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek, medeni çäreleri ýokary derejede geçirmek, şypahana-sagaldyş işini kämilleşdirmek, bu ýerde hemişe ulaglaryň sazlaşykly hereketini ýola goýmak, degişli tertip-düzgüni berk berjaý etmek hem-de deňziň kenarynda dynç almagy halaýanlar üçin gelmek-gitmek bilen baglanyşykly ýagdaýlary kadalaşdyrmak meselelerini mydama gözegçilikde saklamak, şeýle-de bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigi babatdaky wezipeler hakynda hem aýratynlykda durlup geçildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy dünýäniň dürli ýurtlarynyň, şol sanda Ýaponiýanyň işewür düzümleriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çägini giňeltmek we bu künjegi ösdürmek boýunça işlenilip taýýarlanylan taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýratyn belledi. Munuň Türkmenistanyň halkara giňişlikde ähli gatnaşyklar babatda özüne çekiji ýurt hökmünde ykrar edilýändigini görkezýändigi nygtaldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemläp, oňa gatnaşanlara ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi we Balkan welaýatyna bolan iş saparyny tamamlap, Aşgabada ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň