Türkmenistanda taryhy ýadygärlikleri öwrenmek boýunça halkara ylmy maslahat geçirildi

22:3622.11.2022
1
17557

Şu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde sanly ulgam arkaly «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, bu halkara maslahat Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy.

Forumyň esasy maksady taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek babatda halkara gatnaşyklary giňeltmekden hem-de özara tejribe alyşmakdan ybarat boldy.

Halkara ylmy maslahatyň Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen açylyş dabarasyna Medeniýet ministrliginiň, Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň we onuň garamagyndaky taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurduň ylym, medeniýet, şol sanda muzeý işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Şeýle-de bu halkara ylmy maslahata sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň taryhçy alymlary, arheologlary, sungaty öwrenijileri, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Fransiýanyň we Italiýanyň iri ylmy we medeni merkezleriniň işgärleri, bilermenleri gatnaşdylar we çykyş etdiler. Olaryň köpüsiniň Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerinde türkmen alymlary bilen bilelikde arheologiýa gözleglerine we ylmy barlaglara gatnaşandyklaryny bellemek gerek.

Maslahatda Türkmenistanyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleriniň her biriniň diňe bir türkmen halkynyň däl, tutuş adamzady bahasyz gymmatlygydygy biragyzdan tassyklanyldy.

Şeýle-de halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar Änew galasyna baryp, ol ýerde alnyp barylýan ylmy-barlag we dikeldiş işleri bilen tanyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň