Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň kömekçi komissiýasynyň 55-nji mejlisi geçirildi

22:1922.11.2022
0
20137
Aşgabatda BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň kömekçi komissiýasynyň 55-nji mejlisi geçirildi
Foto: turkmenistan.gov.tm

Şu gün Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy hem-de oňa degişli meseleler boýunça kömekçi komissiýasynyň 55-nji mejlisi açyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisiň barşynda degişli ugur boýunça sebitleýin hyzmatdaşlyk, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem-de ony durmuşa geçirmek meseleleri boýunça ozalky geçirilen maslahatlarynda öňde goýlan wezipeleriň amala aşyrylyşy barada çykyşlar diňlenildi.

Şeýle-de dünýä ýüzündäki meseleleri çözmek boýunça milli, sebitleýin hem-de halkara derejedäki ähli borçnamalary ýerine ýetirmek babatda geljekde amala aşyrylmaly çäreler barada giňişleýin durlup geçildi.

Nygtalyşy ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan diňe bir ýurduň öz içinde däl, eýsem, bütin dünýä ýüzünde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýän döwlet hökmünde tanalýar. Aşgabatda geçirilen bu nobatdaky maslahat hem ony bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň